Kýonigsegg Jesko giperkarynyň iň ýowuz wersiýasyny çapyşyk atynyň hormatyna atlandyrdy

  • 01.07.2025 18:15
  • 3.5k+

Şwesiýanyň Koenigsegg kompaniýasy Jesko giperkarynyň iň ekstremal görnüşini - Sadair’s Spear atly modeli hödürledi. Täze modeliň ady esaslandyryjynyň kakasy we kompaniýanyň başlygy Ýesko fon Kýonigseggiň iň gowy görýän atynyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Ulag bary-ýogy 30 nusgada öndüriler, bularyň hemmesine jemgyýetçilik ýollarynda ulanylmaga ygtyýar berildi we eýýäm satyldy. Modeliň bahasy aýan edilmedi.
Döwrebaplaşdyryş döwründe inženerler hereketlendirijiniň güýjüni artdyrdylar, agramyny azaltdylar, aerodinamikany gowulaşdyrdylar we şassini täzeden düzdüler. Kristian fon Kýonigseggiň sözlerine görä, täze awtoulag Şwesiýanyň Gotland Ring ýolundaky Jesko Attack ýolunda 1,1 sekunt has gowy netijäni görkezdi.
Goşa turbinaly V8 hereketlendirijisi täze sazlamalary aldy we sowadyşy gowulandyrdy. Kuwwatlylygy adaty benzinde 1318 at güýjüne we E85 ýangyjy ulanylanda 1,648 at güýjüne çenli ýokarlandy - bu Jesko Attack-yňkydan 20 we 25 at güýji köp. Aňrybaş tork şol öňküligine galdy - 1500 Nm. Kuwwat elektron differensially 9 tizlikli LST korobkasy arkaly yzky okuna geçirilýär.
Sadair’s Spear 35 kg ýeňilleşdi, täze puržinleri we amortizatorlary, güýçlendirilen karbon-keramiki tormozlary we kolodkalary aldy. Aerodinamiki obwes häzirki wagtda sagatda 250 km tizlikde 850 kg, sagatda 360 km tizlikde bolsa 1765 kg basgyç güýjüni döredýär.

şu gün 14:34
808

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

düýn 21:15
3.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.3k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.6k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....