Jeep täze Cherokee-niň dizaýnyny we onuň taryhy özgerişiniň tizerini görkezdi

  • 27.06.2025 20:08
  • 4.7k+

Jeep kompaniýasy täze nesil Cherokee krossoweriniň ilkinji suratlaryny hem-de modeliň ýyllar boýy üýtgeýşini görkezýän tizer-wideony paýlaşdy. Wideoda ilkinji nesillerdäki burçly dizaýndan tä häzirki zaman aýlawly formalara, täze nusgawy görnüşe çenli ösüş görkezilýär.

Täze şekillerden çen tutulsa, Jeep Cherokee öňki döwürlere mahsus bolan has adaty, burçly dizaýn stiline dolanýar. Şol bir wagtda täze görnüşiň korpus çyzyklary has ýumşak bolýar. Ilkinji gezek ulagyň arkasyndan düşürilen surat hem görkezildi — ol ýerde yşyklar, bagaž gapysy we sütünler görünýär.
Alnan maglumatlara görä:

  • Täze Cherokee Stellantis kompaniýasynyň STLA Large platformasynda gurlar.
  • Ilki bilen gibrid wersiýada çykmagyna garaşylýar.
  • Geljekde adaty benzin/dizel motorly hem-de doly elektrik wariantlary hem meýilleşdirilýär.
  • Model, Jeep hatarynda Compass bilen Grand Cherokee-niň arasynda ýerleşdiriler.
şu gün 14:34
950

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

düýn 21:15
3.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.3k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.7k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....