Koenigsegg agramy bary-ýogy 39 kg bolan, 800 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini döretdi

  • 22.06.2025 11:39
  • 5.2k+

Şwesiýanyň Koenigsegg kompaniýasy Dark Matter ady bilen täze elektrik hereketlendirijisini hödürledi. Ol dört orunly Gemera gibrid giperkarynyň öňdäki okuna oturtmak üçin niýetlenýär. Hereketlendirijiniň kuwwaty 800 at güýjüne, aýlama güýji 1250 Nm barabar.

Hereketlendiriji, esasan, ok ýörelgesi boýunça işleýär, ýöne onda radial akym elementleri hem ulanylýar. Bu hem güýjüň birsydyrgyn berilmegini üpjün edýär we ýokary aýlawlarda ýylylyk ýitgisini azaldýar. Esasy aýratynlyklaryň biri onuň konstruksiýasy boldy: rotor we stator doly derejede uglerod plastiginden ýasaldy. Şonuň netijesinde hereketlendirijiniň agramy bary-ýogy 39 kg boldy.
Dark Matter adaty üç elektrik fazasyna derek alty faza ulanýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu iş durnuklylygyny we netijeliligi ýokarlandyrýar.
Elektrik hereketlendirijisi umumy kuwwaty 2300 at güýjüne ýetjek Koenigsegg Gemera giperkarynyň güýç enjamynyň bir bölegi bolar. Işläp düzüjilerň aýtmagyna görä, täze tehnologiýa geljekde sport awtomobilleri üçin standart bolup biler.

şu gün 14:34
1.4k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

düýn 21:15
4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....