Stellantis awtoulaglar üçin düýpgöter täze geçiriş gutusyny patentledi

  • 20.06.2025 18:56
  • 3.6k+

Stellantis kompaniýasy täze üç basgançakly geçiriş karobkasy üçin patent aldy. Täze karobka konserne degişli geljekki elektromobilleriň ýolsuz ýerlerde hem netijeli hereket etmegine mümkinçilik berer. Täze transmissiýanyň Jeep ýa-da RAM ýaly brendleriň doly (ähli tigirlerden) herekete getirijili elektrikli modellerinde ulanylmagy mümkin diýip, «Motor1» habar berýär.

Patentiň düşündirişinde aýdylmagyna görä, elektromobiller üçin niýetlenen üç basgançakly geçiriş karobkasy pes we ýokary güýç diapazonlaryna eýe geçiriş toplumlaryny öz içine alýar. Bu bolsa dürli şertlerde, şol sanda ýolsuz ýerlerde, asfaltda we hatda çölde hem amatly sürüşi üpjün eder.
Häzirki wagtda köp sanly elektromobiller diňe bir basgançakly geçiriş karobkasyny ulanýarlar. Stellantis-iň bellemegine görä, olar köplenç ýolsuz ýerlerde ýa-da çöllük şertlerde dowamly ýokary torky üpjün edip bilmeýär.
Täze transmissiýa diýseň köp zady wada berýär, sebäbi ol elektromobilleriň gar bolsun, palçyk ýa-da gum bolsun dürli ýol şertlerinde has täsirli işlemekligine mümkinçilik döredip biler. Stellantis bu geçiriş gutusynyň diňe öňdäki ýa-da diňe yzdaky tigirleri, şol sanda doly herekete getirijili tertipde öňdäki we yzdaky tigirleri bir wagtda herekete getirip biljekdigini belleýär.

şu gün 14:34
1.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

düýn 21:15
3.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.3k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.7k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....