NBA-nyň “Los-Anjeles Leýkers” kluby sport taryhynda rekord mukdara satylar

  • 20.06.2025 09:43
  • 3.7k+

Milli basketbol assosiasiýasynyň (NBA) “Los-Anjeles Leýkers” klubuna eýeçilik edýän Bass maşgalasy topary 10 mlrd dollara satar. Bu barada çeşmä salgylanyp, ESPN habar berýär.

Klubuň paýnamalarynyň gözegçilik bukjasy 2021-nji ýyldan bäri toparyň paýnamalarynyň az bölegine eýeçilik edýän TWG Global kompaniýasynyň baş direktory Mark Uoltere geçer. Uolter “Los-Anjeles Dojers” beýsbol klubuna we NBA-nyň “Los-Anjeles Sparks” zenanlar toparyna hem eýeçilik edýär.
Şertnama sport taryhynda iň ulusy bolar. Deňeşdirmek üçin, 2023-nji ýylda amerikan futboly boýunça “Waşington Kommanders” topary 6,05 mlrd dollara satyn alyndy, 2025-nji ýylyň mart aýynda bolsa NBA-nyň iň köp titully “Boston Seltiks” klubunyň 6,1 mlrd dollara satylandygy belli boldy.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Bass maşgalasy az wagtlyk “Leýkersde” paý saklap galar – ol 15%-den sähel köp bolar. Jinni Bass klubuň müdirler geňeşiniň başlygy wezipesini ýerine ýetirmegini dowam etdirer.
Bass maşgalasy “Los-Anjeles Leýkerse” 1979-njy ýyldan bäri eýeçilik etdi. Bu döwürde topar 11 gezek NBA-nyň çempiony boldy – bu şeýle döwürde liganyň islendik beýleki klubundan köpdür. 

düýn 22:55
1.1k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
7.9k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
2.9k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....