Maserati we Alfa Romeo birleşmäge mejbur bolar

  • 18.06.2025 10:31
  • 3.4k+

Maserati we Alfa Romeo kompaniýalarynyň baş direktory Santo Fiçili awstraliýaly we aziýaly žurnalistlere beren beýanatynda, Stellantis-iň täze ýolbaşçysynyň öňünde düýpli üýtgeşmeler boýunça meýilnamasynyň bardygyny aýtdy. Ýokary derejeli menejer resmi beýanatyň 23-nji iýunda beriljekdigini belläp geçdi, ýöne käbir maglumatlary öňünden paýlaşdy. Hususan-da, Alfa Romeo bilen Maserati brendleriniň özara birleşdiriljekdigini aýtdy diýip, «Drive» habar berýär.

«Biz mümkin boldugyça özümize peýda getirjek täsirleri gözläris. Elbetde, täze önümleri [bilelikde] işläp düzmäge taýyn. Bu biziň taýýarlan [halas ediş] meýilnamamyzyň esasy sütünleriniň biri. Häzir öňümizde iş köp. Biz [guramalaýyn gurluşy hem-de] diler toruny täzeden ýola goýmaly bolarys» — diýip, Santo Fiçili aýtdy.

Kompaniýalary üýtgedip gurmak zerur, sebäbi geçen ýyl Maserati-niň satuwy iki esse azaldy, Alfa Romeo bolsa ýyly, takmynan, 20 göterim ýitgi bilen tamamlady. Şeýle-de talap boýunça iň gowy döwürler indi yzda galdy: Alfa Romeo häzirki wagtda 2018-nji ýyldaky bilen deňeşdireniňde iki esse az awtoulag satýar.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlary sebäpli, italýan kompaniýalaryň ýagdaýy hasam erbet: Maserati-niň satuwynyň, takmynan, 30 göterimi, Alfa Romeo-nyň bolsa satuwynyň 15 göterimi ABŞ-nyň bazaryna düşýärdi. Şeýle-de bolsa, Stellantis golçur brendlerini «abraýy» sebäpli satmak islemeýär. Emma konserniň täze ýolbaşçysy Antonio Filosa öňki ýolbaşçynyň meýilnamasyna täzeden seredibem biler.

şu gün 14:34
1.3k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

düýn 21:15
4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

düýn 16:05
3.4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

düýn 09:56
5.8k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....