Aleksander-Arnold “Realyň” oýunçysy boldy we 12-nji belgini aldy

  • 13.06.2025 12:19
  • 12k+

12-nji iýunda “Real Madrid Sitide” Madridiň “Realynyň” täze gyraky goragçysy Trent Aleksander-Arnoldyň resmi tanyşdyrylyşy geçirildi. 26 ýaşly angliýaly futbolçy bilen şertnama alty ýyl hereket eder.

Täze klubda Trent 12-nji belgi bilen oýnar.
“Realyň” resmi saýtynda habar berlişi ýaly, klubuň prezidenti Florentino Peres futbolçyny mejlisler zalynda garşy aldy we bu ýerde şertnama gol çekildi. Şondan soň Aleksander-Arnolda stadionyň nusgasy, ýadygärlik sagady we onuň familiýasy hem täze oýun belgisi bolan köýnekçe gowşuryldy.
“Reala” geçmezden ozal Trent “Liwerpulda” çykyş etdi.

“Men begenjimden ýaňa ýedi gat asmanda! Real bilen şertnama baglaşmak her gün bolup geçmeýär. Bu hakykata öwrülen arzuw. Men “Liwerpuldan” diňe “Real Madride” gitjekdigimi öňden bäri bilýärdim. Başga hijisine. Hiç haçan “Men nirä giderin” diýen sorag bolmandy. Hemişe “Madride gitmelimi ýa ýok?” diýen sorag bardy. Men “Liwerpula” çäksiz minnetdar we hemişe onuň öňünde bergili bolaryn. Men ol ýerde 20 ýyl geçirdim we her minutdan lezzet aldym. Men diňe hereket etmegiň wagtynyň gelendigine düşündim” – diýip, Aleksander-Arnold tanyşdyrylyş wagtynda aýtdy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....