Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar: ol 60 nusga bilen çäklener

  • 12.06.2025 22:05
  • 4.6k+

Jaguar içinden ýandyrylýan hereketlendiriji bilen soňky awtomobilini çykarar diýip, Carscoops habar berýär. Bu F-Pace SVR 575 Ultimate Edition krossoweriniň çäkli toplumy bolup, bary-ýogy 60 nusga hödürlener.

Olar diňe Awstraliýa üçin niýetlenýär. Satuw 2025-nji ýylyň ahyrynda başlar. Şondan soň kompaniýa diňe elektromobil önümçiligine geçer.
Jaguar F-Pace SVR 575 Ultimate Edition ilkinji gezek 2024-nji ýylda hödürlenen meşhur krossoweriň kämilleşdirilen wersiýasydyr.
Bu wersiýa adaty Jaguar F-Pace-den ýokary kuwwaty we birnäçe daşky aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Awtomobil 575 at güýjüni berýän hereketlendiriji bilen enjamlaşdyryldy we tizligini 100 km/sag çenli 4 sekuntda artdyrýar, iň ýokary tizligi bolsa 286 km/sag barabar. Daşky görnüşi boýunça model 22 dýuýmlyk diskleri we ganatlaryndaky Ultimate Edition bellikleri bilen tapawutlanýar.
Model dört reňkde elýeterli bolar: sary (Sorrento Yellow Gloss), ýaşyl (British Racing Green Gloss), ak (Icy White Gloss) we ýalpyldysyz gara (Ligurian Black Satin). Baha 128,5 müň ABŞ dollaryndan başlaýar.
Ýatlap geçsek, 2024-nji ýylyň noýabrynda Jaguar rebrending geçirip, logotipini täzeledi. Dekabr aýynda täze eýýamyň ilkinji elektromobili – Type 00 kupesi görkezildi.

düýn 14:34
1.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....