“Jon-Uigiň” spin-off-y prokatda garaşylan netijäni bermedi

  • düýn 13:12
  • 1.9k+

“Balerina” filmi – “Jon Uigiň” ilkinji doly metražly spin-off-y amerikan prokatyna 25 mln dollar bilen başlady. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, premýeradan öň film azyndan 35 mln dollar ýygnar diýlip garaşylypdy.

Bu franşizada ikinji iň pes görkezijidir: ondan az ýygymy 2014-nji ýylda 14,4 mln dollar bilen prokata başlan ilkinji film görkezipdi. Ýöne bu filmiň býujeti 20 mln dollardan sähel köpdi, “Balerina” üçin bolsa filmi döredijiler, takmynan, 90 mln dollar sarp etdi. Çykdajylaryň uly bölegi gaýtadan düşürmek bilen baglanyşyklydy.
Aslynda, režissýor Len Uaýzman filmi 2023-nji ýylyň fewralynda düşürip tamamlady, ýöne Lionsgate studiýasy ahyrky netijeden kanagatlanmady. Prodýuserler oňyn däl synlaryň öňüni almak isledi, çünki ol tutuş franşiza täsir edip biljekdi. Şonuň üçin filmiň hilini ýokarlandyrmak kararyna gelindi. Munuň üstünde franşizanyň asyl filmleriniň prodýuseri we režissýory Çad Stahelski işledi. Netijede, ol Uaýzman gatnaşmazdan ähli ekşn-sahnalary we filmiň esli bölegini gaýtadan düşürdi. Tankytçylaryň we tomaşaçylaryň ýokary bahalaryny göz öňünde tutsaň, netije oňyn boldy.
ABŞ-dan daşary hem film 26 mln dollar ýygnady. Umumy kassa ýygymy 51 mln dollara ýetdi.
Hasaplamalara görä, “Balerina” 80-90 mln dollar ýygnap biler. Film sanly platformalarda çykandan soň, çykdajylary ödese gerek. Ýöne awtorlar üçin esasy zat – franşiza zyýan çekmedi. Bu häzirki wagtda “Jon Uik” boýunça diňe bir bäşinji bölümiň däl, eýsem Keýn barada spin-off-uň taýýarlanýandygyny göz öňünde tutsaň, örän möhümdir. Soňkusynda esasy keşbi Donni Ýen ýerine ýetirer – ol režissýor hökmünde hem çykyş eder. Munuň bilen birlikde “Jon Uigiň” animasion prikweline garaşylýar – onda Kianu Riwz gahrymana ses berer, režissýor Şennon Tindl bolar.


düýn 21:51
1.9k+

HBO “Garri Potter” serialynda ikinji derejeli keşpler üçin aktýorlary saýlady

HBO Original Garri Potter baradaky serialda ikinji derejeli keşpler üçin tassyklanan aktýorlaryň atlaryny mälim etdi. “Hogwarts” mekdebiniň okuwçysy we baş gahrymanyň garşydaşlarynyň biri bolan Drako Malfoýy britaniýaly aktýor Loks Pratt oýnar...

düýn 21:41
2.7k+

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” $450 mln ýygnady, ýöne özüni ödemek üçin heniz kän gerek

“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi prokatyň iki uikendiniň dowamynda 450 mln dollar ýygnady. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Kassa ýygymlarynyň üçden biri ($149 mln) amerikan bazarynyň paýyna düşdi, bu ýerde film “Lilo we Stiç” remeýki bilen bir hatarda prokatda öňdebaryjy bolmagynda galýar...

08.06.2025 20:59
2.6k+

Denzel Waşington Marvel-iň “Gara Babyr 3” filminde düşer

Amerikaly aktýor Denzel Waşington “Gara Babyr” franşizasynyň üçünji bölüminde surata düşer. Bu maglumaty super gahrymançylykly filmiň režissýory Raýan Kugler "E News" gazetine beren interwýusynda tassyklandy. Waşingtonyň özi ozal Kugler üçin ýörite keşp döretmek isleýändigini aýdypdy...

08.06.2025 17:41
2k+

“Barbini” döredijiler kinostudiýa açdy we eýýäm oýnawaçlar barada 14 taslama taýýarlaýar

Mattel oýnawaç öndürijisi Mattel Studios ady bilen hususy kinostudiýasynyň açylandygyny mälim etdi. Ol kompaniýanyň meşhur oýnawaçlarynyň esasynda filmleri we seriallary düşürer diýip, Deadline habar berýär.  Täze bölümçe kompaniýanyň kino we teletaslamalaryň önümçiligi bilen meşgullanýan ähli bar bolan ugurlaryny birleşdirer...