RAV4-üň premium görnüşi: Toyota Harrier 2027-nji ýylda täze dizaýn we turbomotor bilen çykar

  • 08.06.2025 17:43
  • 4.3k+

Toyota Harrier krossoweri 2027-nji ýylda doly täzelenme alar. Ol täze hereketlendiriji we kupe görnüşli dizaýn bilen has uly, sessiz we tygşytly bolar.

BestCarWeb ýapon neşiriniň habar bermegine görä, model ýörite gibrid we birikdirilýän gibrid ulgamlar üçin döredilen 1,5 litrlik dört silindrli turbo hereketlendirijisini alar. Kuwwatyň 180 at güýjüne deň bolmagyna garaşylýar.
Harrier-iň häzirki wersiýasy 2020-nji ýylyň iýun aýyndan bäri çykarylýar we onuň önümçilik döwri tamamlanyp barýar. Ilkibaşda täze modeli 2026-njy ýylda çykarmak meýilleşdirilipdi, ýöne sertifikatlaşdyrmak bilen bagly meseleler sebäpli möhlet yza süýşürildi. Ozal Crown Estate modeli bilen hem şeýle boldy (2023-nji ýylyň deregine 2025-nji ýylda çykaryldy).
Täzelenen Harrier has uly bolar: onuň uzynlygy 4750 mm, ini 1860 mm, beýikligi 1550 m, tigir bazasy 2770 mm bolar. Tigir bazasy öňki model bilen deňeşdirilende 80 mm artdy we bu yzky ýolagçylaryň rahatlygyny hem-de ýolda durnuklylygy ýokarlandyrar.
Model täze RAV4 ýaly TNGA-K platformasynda gurlar. Şol bir wagtyň özünde, Harrier uly bolar (deňeşdirmek üçin: RAV4 — 4620 х 1880 х 1680 mm, tigir bazasy – 2690 mm).
Täze Harrier Mercedes GLC Coupe we BMW X4 ýaly kupe-SUV segmentindäki modeller bilen bäsleşer.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......