Saharadan galyňlygy 4 km bolan ägirt uly tozan buludy Amerikanyň üstünden iner

  • 05.06.2025 10:05
  • 10k+

Şu hepde Saharadan uly tozan buludy Atlantik ummanynyň üstünden geçip, Karib basseýnini örtdi we indi ABŞ-a tarap barýar. Tozan bulutlary her ýyl Sahara howa gatlagy diýlip atlandyrylýan atmosfera hadysasynyň netijesinde emele gelýär diýip, Science Alert habar berýär.

Bu atmosfera hadysasy Saharanyň günortasyndaky tropiki tolkunlar bilen çöl tozany ýokary göterilende peýda bolýar. Bu hadysanyň iň ýokary derejesi, adatça, iýun aýynyň başyna gabat gelýär. Tozan gatlagy beýikligine 4 km çenli ýetip, dykyz we çygly howanyň netijesinde ummanyň üstünden geçip bilýär.
Bulut, adatça, günbatara tarap hereket edýär, ýöne käwagt akym demirgazyga öwrülip, Ýewropa ýetip bilýär. Tozan howanyň hilini ýaramazlaşdyrsa-da, ol harasatlaryň emele gelmegini basyp biler. Bu ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera gözlegleri edarasynyň (NOAA) güýçli tupan möwsümini çaklaýandygyny göz öňünde tutsaň wajypdyr.
Tozan Ýamaýkany, Puerto-Rikony, Barbadosy hem Trinidad we Tobagony basdy. 4-nji iýunda ol ABŞ-nyň kenarynyň – şol sanda Floridanyň, Luiziananyň, Alabamanyň we Missisipiniň üstünden iner. 5-nji iýunda bulut has dykyzlaşar, soňra dargap başlar.
Tozan şapaklary has ýiteldip, gijeki temperaturany ýokarlandyryp bilýär. Şeýle günlerde alymlar demgysmasy, allergiýasy we dem alyş ýollarynyň keselleri bolan adamlara öýde galmagy we agyz-burun örtügini dakynmagy maslahat berýär.
Şeýle-de bolsa, Saharadan gelýän tozan planeta üçin peýdalydyr. Ol topragyň arryklan ýerlerinde ösümlikleriň ösmegi üçin zerur bolan fosfora we beýleki ýokumly maddalara baýdyr. Sahara tozany, hususan-da, tropiki tokaýlaryň, şol sanda kislorodyň önümçiliginde we kömürturşy gazyny siňdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Amazoniýanyň iýmitlenmegine ýardam edýär.

şu gün 11:34
1.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

düýn 09:56
9.4k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.3k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.2k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......