«Resilience» ýapon moduly Aýa gonmazdan öň surat iberdi

  • 28.05.2025 13:59
  • 5.3k+

«ispace» ýapon kompaniýasy «X» sosial torunda «Resilience» gonuş modulynyň täze düşüren suratyny paýlaşdy. Suratda Aýyň Günorta polýusy we onuň töweregi görünýär.

Modul şu ýylyň ýanwarynda «Falcon 9» raketa göterijisi arkaly Ýeriň hemrasyna ugradyldy. Enjamyň Aýa uçuşy dört aý diýen ýaly dowam etdi, ol ýangyjy tygşytlamak üçin uzak traýektoriýany saýlady. Enjamy 5-nji iýunda Sowuk deňiz sebitine gondurmak meýilleşdirilýär.
«Resilience» modulynyň bortunda alty enjam ýerleşýär. Olaryň arasynda Aýyň topragyny ýygnamak üçin enjam, «Tenacious» atly aý roweri, suwotylardan azyk öndürmek boýunça synag üçin modul, suwuň elektrolizi üçin enjam, radiasiýa datçigi we «Bandai Namco, Inc.» ylmy-barlag instituty tarapyndan döredilen ýadygärlik tagtasy bar.


düýn 11:18
940

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......