Ronaldu Pro-liganyň iň gowy bombardiri boldy, ýöne “Al-Nasr” bary-ýogy üçlükde

  • 28.05.2025 12:01
  • 10k+

Saud Arabystanynyň çempionatynda 2024/25 möwsümi tamamlandy. Ýaryşyň iň gowy bombardiri “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. Ol 30 oýunda 25 gol geçirdi.

Snaýperleriň ýaryşynda ikinji orny 23 gol bilen “Al-Ahliden” Aýwan Toni eýeledi. Üçünji orunda 21 gol bilen “Al-Ittihadyň” hüjümçisi Karim Benzema ýerleşdi. “Al-Şababda” çykyş edýän Abderrazak Hamdalla hem şonça gol geçirdi.
Belläp geçsek, Ronaldunyň geçiren gollary topara ýaryşda ýeňiji bolmaga kömek etmedi. Çempionatyň ýeňijisi 34 tapgyrda 83 utuk gazanan “Al-Ittihad” boldy. Ikinji orunda – “Al-Hilýal” (75 utuk).
“Al-Nasr” soňky tapgyrda “Al-Fatehden” 2:3 hasabynda utulyp, 70 utuk bilen üçünji orny eýeledi. 
“Al-Nasra” hatda duşenbe güni “Al-Oruba” bilen dawanyň netijesinde goşulan üç utuk hem kömek etmedi. Ol mart aýynda bu topardan 1:2 hasabynda utuldy. Soňra Er-Riýadyň kluby garşydaş toparyň düzüminde hukugy bolmadyk derwezebanyň meýdança çykandygy üçin, oýnuň netijesine nägilelik bildirdi. Netijede, şikaýat kanagatlandyryldy.
Ronaldu “Al-Nasra” 2023-nji ýylyň ýanwarynda goşuldy. 40 ýaşly hüjümçi bu topar üçin 105 oýunda 93 gol geçirdi we 19 assist etdi. Şol bir wagtyň özünde, portugaliýaly saud klubunda ýekeje kubok hem gazanmady.
Ronaldunyň “Al-Nasr” bilen şertnamasynyň möhleti iýun aýynda tamamlanýar. 


şu gün 09:54
791

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......