105 ýaşly tailandly türgen Bütindünýä halypalar oýnunda 4 altyn medal gazandy

  • 27.05.2025 10:10
  • 9.1k+

Tailanddan 105 ýaşly Sawang Janpram Taýwanda geçirilen Bütindünýä halypalar oýnunda (World Masters Games) dört altyn medal gazandy. Bu barada People neşiri habar berýär.

Janpram ýaryşyň iň uly ýaşly we “100 ýaşdan uly” ýaş toparynda ýeke-täk gatnaşyjy boldy, şol sebäpli oňa ýeňiş gazanmak üçin diňe degişli dissiplinalarda ýaryşy tamamlamak ýeterlikdi. Ol naýza we disk zyňmak, 100 m ylgamak we ýadro iteklemek boýunça ýaryşlara gatnaşdy.
Bu onuň Bütindünýä halypalar oýnuna ilkinji gezek gatnaşmagy däl. Umuman alanyňda, onuň hasabynda eýýäm 60 medal bar.
Türgene ýaryşlarda 73 ýaşly gyzy Siripan janköýerlik etdi, ol hem ýaryşlara gatnaşyp, üç medal aldy.
Öň, Janpram mekdep müdiri bolup işledi. Pensiýa çykandan soň, sport bilen gyzyklanyp başlady.

“Ol 80 ýaşyna ýetenden soň, köne dostlarynyň köpüsiniň kesel sebäpli aýaga galyp bilmän ýörendiklerini gördi. Şonuň üçin ýeňil atletika bilen meşgullanýan gyzy Siripan bilen sport bilen meşgullanyp başlady” – diýip, çeşme ýazýar.

Häzir türgen hepdede 3-4 gezek ylgaýar we her gün öýüniň töwereginde gezelenç edýär.
Bütindünýä halypalar oýny dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Olara 30 ýaşdan uly türgenler gatnaşýar. Ýaryşlar uly ýaşda fiziki işjeňligi saklamaga gönükdirilendir. 


31.03.2026 20:07
13k+

Bangkokdaky ýeňliş Türkmenistany Aziýa Kubogyndan alyp galdy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň saýlama tapgyrynyň kesgitleýji duşuşygynda Tailanddan 1:2 hasabynda utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykyp bilmedi. Duşuşyk 31-nji martda......

30.03.2026 13:18
8.2k+

Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin ýollama ugrunda göreşer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama ýaryşynyň «D» toparçasynyň oýnunda Tailand bilen duşuşmaga taýýarlanýar. Garşydaşlar bu aýgytlaýjy duşuşyga deň netije bilen — bäş......

16.03.2026 17:11
6k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy...

02.11.2025 20:47
5.2k+

Türkmenistanly türgen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanly türgen Rahmet Taganow Tailandyň paýtagty Bangkokda geçirilýän jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal aldy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.  "Hua Mak Indoor Stadium" sport arenasında geçirilýän iri ýaryşa dünýäniň 59 ýurdundan 800-den gowrak türgen gatnaşýar...