“Maklareniň” sürüjisi Norris Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 26.05.2025 14:59
  • 1.8k+

“Maklaren” toparynyň britaniýaly ýaryşa gatnaşyjysy Lando Norris “Formula-1-iň” Monte-Karlonyň ýolunda geçirilen sekizinji tapgyrynda ýeňiji boldy.

Ikinji bolup pellehana “Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler geldi. Öňdebaryjylaryň üçlügini Norrisiň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri jemledi.
Norris üçin bu Awstraliýanyň Gran-prisinden soň möwsümde ikinji ýeňiş boldy.
Şeýle-de, ilkinji onluga Maks Werstappen (Red Bull), Lýuis Hemilton (Ferrari), Isak Hajar (Reýsing Bulls), Esteban Okon (Haas), Liam Louson (Reýsing Bulls), Aleksander Albon we Karlos Saýns (ikisi-de “Uilýams”) girdi.
Sürüjileriň sanawynda Piastri öňdebaryjylygyna galýar (161 bal), ikinji orunda Norris (158), üçünji orunda Werstappen (136) ýerleşýär. Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Maklaren” (319) eýeleýär, onuň yzyndan “Mersedes” (147) we “Red Bull” (143) gelýär.
“Formula-1-iň” indiki tapgyry 1-nji iýunda Barselona welaýatynda geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....