Toyota köne awtomobillerden alnan plastigi täze awtomobiller üçin gaýtadan ulanýar

  • 22.05.2025 20:48
  • 8.7k+

Toyota Gosei kompaniýasy plastigi “kese gaýtadan işlemek” tehnologiýasyny işläp taýýarlady, bu täze komponentleri döretmek üçin hasapdan aýrylan awtomobillerden materiallary 50%-e çenli gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, täze tehnologiýa ilkibaşdaky plastik bilen deň hili üpjün edýär.

Bellenilişi ýaly, “kese resikling” eýýäm 2024-nji ýyldan bäri Ýewropa bazary üçin Toyota Camry-nyň interýerinde, mysal üçin, ellik gutusynda (bardaçok) ulanylýar.  
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, gaýtadan işlenen plastigi ulanmak şeýle komponentleriň önümçiliginde CO2 zyňyndylaryny 40%-e çenli azaldýar.
Toyoda Gosei bu taslama üçin Isono firmasy bilen birleşdi. Olar bilelikde materiallary üýtgetmek usulyny ulandy. Bu hem detallardan alnan polipropileni şol bir detallar üçin gaýtadan ulanmaga, şol bir wagtyň özünde hili saklamaga mümkinçilik berdi.
Ozal awtoulag senagatynda gaýtadan işlenen plastik käbir komponentler üçin ulanylýardy ýa-da energiýa almak üçin ýakylýardy.
Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli gaýtadan işlenen plastigi awtomobilleriň içki hem daşky bölekleri üçin ulanmagy meýilleşdirýär.
Tehnologiýa täze ekologiýa talaplaryna, şol sanda ÝB-niň 2031-nji ýylda güýje girjek ulag serişdelerini peýdaly ulanmak düzgünlerine laýyk gelýär. Geljekde tehnologiýa durnukly önümçiligiň täze standarty bolup biler.
Toyoda Gosei Ýaponiýanyň Toyota awtoulag ägirdiniň bir bölegidir. Ol awtomobiller üçin rezin we plastik komponentleri öndürmäge ýöriteleşýär.


21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....