Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi

  • 22.05.2025 20:30
  • 1.4k+

Build 2025 konferensiýasynda Microsoft korporasiýasy emeli aňyň kömegi bilen ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin döredilen Discovery platformasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze ulgam maglumatlary seljermekden we çaklamalary öňe sürmekden başlap, tejribeleri modelirlemäge we netijeleri gaýtadan işlemäge çenli ylmy gözlegiň ähli tapgyrlarynda kömek eder.

Platforma alymlara EA agentleriniň topary bilen hyzmatdaşlykda işlemäge mümkinçilik berýär. Korporasiýanyň pikiriçe, bu superkompýuterleri we täze EA modelleri ulanmagyň hasabyna ylmy gözlegleriň takyklygyny, tizligini we masştabyny artdyrar.
Anons umumy tendensiýany dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň başynda Google pikir döretmek we tejribeleri meýilnamalaşdyrmak üçin niýetlenen “AI-awtordaşy” hödürledi. Şeýle taslamalary Anthropic, OpenAI, FutureHouse we Lila Sciences ýaly kompaniýalar hem ösdürýär.
Şol bir wagtyň özünde ylmy gözlegçileriň arasynda şübhe saklanýar. Esasy sebäp – häzirki EA ulgamlarynyň ygtybarlylygynyň çäkli bolmagydyr. Hünärmenleriň pikiriçe, şeýle gurallar maglumatlaryň uly göwrümini işlemegi we mümkin bolan çözgütleri saýlamagy başarýar, ýöne adaty däl pikirlenmäge we hakykatdan täze pikirleri döretmäge ukyply däl.
2023-nji ýylda Google öz GNoME ulgamy bilen 40 töweregi täze materialyň açylandygyny habar berdi, ýöne garaşsyz barlag bu açyşlaryň täzedigini tassyklamady. Dermanlary taýýarlamakda EA ulanan Exscientia we BenevolentAI kompaniýalary hem kliniki synaglardan üstünlikli geçip bilmedi.
Microsoft kompaniýasy Discovery-nyň ylmy prosesiň çylşyrymlylygyny göz öňünde tutup, öňki çözgütlerden has ygtybarly netije görkezmegine umyt bildirýär. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......