Huawei kompaniýasy HarmonyOS ulgamyny alan ilkinji täjirçilik noutbugyny hödürledi

  • 22.05.2025 12:41
  • 1.6k+

Huawei kompaniýasy Qingyun hatarynyň täze täjirçilik noutbugyny – Qingyun HM940-y hödürledi. Ol kompaniýanyň öz Huawei OS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji täjirçilik noutbugy boldy.

Ozal Qingyun hatarynyň noutbuklary Windows ýa-da Lunix bilen işleýärdi.
Dizaýny boýunça Qingyun HM940 öňki modellere meňzeýär. Ol iki reňkde elýeterli: Clear Blue и Inkstone Black. Onuň esasy aýratynlygy klawiaturada aýratyn AI klawişiniň peýda bolmagydyr.
Modeliň ululygy 310 x 222 x 13,5 mm bolup, agramy 970 grama barabar. Ol durulygy 3120 x 2080 piksel we iň ýokary ýagtylygy 1000 nite çenli bolan 14,2 dýuýmlyk OLED displeýi bilen üpjün edildi. Ekran 60 ýa-da 120 Gs täzelenmäni, sensor dolandyryşy goldaýar.
Prosessor barada maglumat ýok, ýöne aýratyn grafiki bloguň bardygy bellendi. Noutbuk Huawei Super Celia Business AI toplumynyň gurallaryny ulanýar – olar prezentasiýalary döretmäge, suratlardan tekstleri almaga, ses arkaly dolandyrmaga we Huawei telefonlary bilen sinhronlamaga mümkinçilik berýär.
Goşmaça funksiýalaryň arasynda kursory gözüň ýa-da eliň hereketi bilen dolandyrmak mümkinçiligi hem-de kamerany, mikrofony we geolokasiýany öçürýän aýratyn düwme bar.
Noutbuk 70 Wt/sag akkumulýator bilen enjamlaşdyryldy we 140 Wt kuwwatly zarýad alşy goldaýar. Ol 30 minutda 70% zarýad alýar we beýleki gurluşlara zarýad berip bilýär (66 Wt çenli). Üç USB-C porty bar.
Operatiw ýat – 24 ýa-da 32 GB, içki – 512 GB ýa-da 1 TB. Wi-Fi 7, Bluetooth 5.2 we Nearlink goldawy bar. Audioulgam alty dinamigi we dört mikrofony öz içine alýar.
Noutbugyň bahasy häzirlikçe belli däl.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...