Toyota kämilleşdirilen tehnologiýasy we dizaýny bilen täze RAV4 modelini hödürledi

  • 21.05.2025 16:44
  • 7.8k+

Ýaponiýada «Toyota RAV4» modeliniň altynjy nesliniň dünýä boýunça resmi tanyşdyrylyşy boldy. Täze krossoweriň ölçegleri öňküsi ýaly saklandy, emma modele uly tehniki we tehnologik täzelikler girizildi, şeýle hem dizaýnda düýpli üýtgeşmeler boldy.

Model ilkinji gezek «Arene» atly programma üpjünçilik platformasy bilen guruldy, bu bolsa ony «software-defined vehicle» (programmalaýyn kesgitlenen awtoulag) derejesine ýetirýär.
Täze «RAV4» gibrid (HEV) we zarýad berilýän gibrid (PHEV) görnüşlerinde elýeterli bolar. PHEV görnüşi diňe elektrik energiýasy bilen 150 km-e çenli ýol geçip bilýär we 30 minutda 80%-e çenli çalt zarýad almak mümkinçiligi bar. Şeýle-de awtoulagdan öýe elektrik üpjünçiligi (V2H) funksiýasy hem göz öňünde tutulan.

Elektromotory 12% güýçlendirilipdir, şeýle-de ýolsuz ýerlerde hereket ediş mümkinçiligi hem gowulandyrylypdyr.
Salony «ada arhitekturasy» ýörelgesine görä bezelipdir, dolandyryş elementleri amatlylyk üçin bir ýere jemlenipdir. Multimediýa ulgamy täze platforma esasynda işleýär, ses bilen dolandyryşy we şahsy sazlamalary goldaýar. Ergonomika hem gowulandyrylypdyr.
Bagažyň sygymy 749 litre çenli artdyrylypdyr.

Model üç görnüşde çykarylar: şäher üçin niýetlenen «Core», ýolsuz ýerler üçin «Adventure» we sport görnüşli «GR Sport». «GR Sport» görnüşinde asma ulgam täzeden sazlanypdyr, kuzowy berkidilipdir we aerodinamik bezegler bilen üpjün edilipdir.
Howpsuzlyk täze «Toyota Safety Sense» ulgamy bilen üpjün edilýär. Bu ulgam sürüji özüni erbet duýanda awtoulagy awtomatiki duruzmak we duýdansyz tizlenmeleriň öňüni almak ýaly mümkinçilikleri öz içine alýar.
Täze model dünýäniň 180 ýurdunda satuwa çykarylar.


21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....