Magnus Karlseni birbada 143 müň küştçi "köpledi"

  • 21.05.2025 16:23
  • 8.2k+

On ýyllap (2013-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli) küşt boýunça dünýä çempiony titulyna eýeçilik eden norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen täze üýtgeşik rekord goýdy – ol 143 müň adama garşy küşt oýnuny oýnady. Oýun deňme-deňlik bilen tamamlandy.

Oýun 4-nji aprelden 20-nji maý aralygynda (46 gün) Chess.com platformasynda “Fişeriň küşti” düzgünleri boýunça geçirildi. Bu düzgüne görä, pyýadadan başga ähli mallar birinji hatarda tötänleýin tertipde, ýöne iki tarap üçin meňzeş ýerleşýär.
Karlsene “tutuş dünýä” garşy çykdy, onuň garşydaşlary her bir göçümini ses berip, has laýyk gelýänini saýlap ýerine ýetirdi.
Şeýle oýunlar ozal hem geçirildi. 1999-njy ýylda şeýle oýna 13-nji dünýä çempiony Garri Kasparow, 2024-nji ýylda 15-nji dünýä çempiony Wişwanatan Anand gatnaşdy. Ýöne şol wagt gatnaşyjylaryň sany ep-esli azdy – degişlilikde, 50 we 70 müň töweregi adam.
Eger Kasparow we Anand öz oýunlarynda ýeňiş gazanan bolsa, Karlsen duşuşygy deňme-deň tamamlady. Döw göçümleriň gaýtalanmagy sebäpli 32-nji göçümde tamamlandy. 

düýn 22:55
1.4k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
2.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

düýn 15:58
8.3k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 14:40
3k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....