ABŞ-da telefona garaşlylyga garşy göreşmek üçin ýalan smartfonlar satylyp başlandy

  • 21.05.2025 11:33
  • 11k+

Metaphone amerikan startapy daşky görnüşi boýunça telefona meňzeýän akril plitkasyny satuwa çykardy. Bu “gajet” nomofobiýa – telefonsyz galmak gorkusy bilen göreşmek üçin döredildi we onuň bahasy 20 dollar.

Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, ol dumskrollingden – habarlar lentasyny ýa-da sosial ulgamlary yzygiderli dörmek endiginden saplanmaga kömek edýär.
Metaphone gyralary ýaşyl bolan dury akrilden ýasaldy. Gurluşyň ýogynlygy döwrebap telefonlar ýaly, takmynan, 6 mm. Ony jübiňde göterip, telefonyň ýanyňda ýaly duýgyny döretmek bolýar. Zerur bolan ýagdaýynda ulanyjy barmaklary bilen gurluşyň tekiz ýüzüni elläp bilýär.
Şeýle-de, 25 dollara Metaphone-yň neon wersiýasy bar. Uzakdan gurluş “Giňişlik” ylmy-fantastik serialyndan dury smartfona meňzeýär, ýöne golaýdan onuň nähili predmetdigi düşnüksiz bolup galýar. “Gajetli” wideo sosial ulgamlarda ýaýrady – ulanyjylar onuň nämä gerekdigine düşünip bilmeýär.
Meňzeş maksat bilen döredilen ýene bir önüm – NoPhone bar. Ony NoPhone LLC topary döretdi. Bu daşky görnüşi boýunça telefona meňzeýän plastik gönüburçlukdyr. Onuň düwmesi, ekrany ýok. Ol suwdan we ýere gaçmakdan gorkmaýar, zarýada mätäç däl. Selfi söýüjiler üçin korpusynda selfi plýonkasy bolan NoPhone Selfie wersiýasy bar – onda öz keşbiňi görmek bolýar. Taslama Kickstarter platformasynda peýda boldy we 60 dollara durýar.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....