Chevrolet Silverado EV 2025 täze opsiýalara eýe boldy. Baha 98 müň dollara bardy

  • 20.05.2025 14:49
  • 3.8k+

Chevrolet täzelenen Silverado EV 2025 elektrikli awtoulagyny görkezdi.

Model birnäçe komplektasiýalarda elýeterli. Esasy WT bazasynyň bahasy 57 095 dollardan we iň ýokary derejeli RST Max Range-iň bahasy bolsa 97 895 dollardan başlaýar. Eltip bermegiň tölegi hem şol bahanyň içine girýär.
2025-nji ýylyň modeline täze opsiýalar goşuldy. LT Premium bukjasynda  kämilleşdirilen teker diskalary we awtoulag duralgasy kömegi bar. Alyjylar 3 995 dollara, diňe RST wersiýasy üçin, üýtgeşik, ýylpyldysyz mawy-gök reňklisini saýlap bilerler.
Şeýle hem panoramaly aýna petik we 22 dýuýmlyk gara teker hödürlenýär.
Goşmaça bukjalar işleýşini güýçlendirýär. Olaryň arasynda kuzow üçin güýçlendirilen gorag örtükleri we ýük bölümi üçin organaýzerler bar.
Silverado EV, GMC Sierra EV we GMC Hummer EV ýaly, GM-iň BT1 platformasynda guruldy. Pikabyň önümçiligi Miçigandaky GM Factory Zero -da ýola goýuldy. Model ýokary öndürijilikli bolmak we eýeleriniň dürli zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen, elektroulaglaryň adaty awtoulaglar düşünjesini nähili üýtgedip biljekdigini görkezýär.

düýn 14:34
1.8k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....