Bary-ýogy 72 sany öndüriler: De Tomaso «P72» superkarynyň seriýa wersiýasyny tanyşdyrdy

  • 19.05.2025 22:36
  • 6.4k+

«De Tomaso Automobili» italýan brendi 11 ýyldan soň «P72» superkarynyň köpçülikleýin önümçilik üçin niýetlenen wersiýasyny hödürledi. Ilkinji ulaglar müşderilere 2025-nji ýylyň ahyrynda gowşurylar. Bu modelden bary-ýogy 72 sanysy öndüriler.

«P72» konsept-kary ilkinji gezek 2019-njy ýylda Gudwuddaky Tizlik festiwalynda görkezilipdi. Ulagyň dizaýny üçin 1965-nji ýylyň klassyky «De Tomaso P70» modelinden ylham alnypdyr.
Kompaniýanyň inženerleriniň aýtmagyna görä, superkar el bilen ýygnalan 5 litrlik V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň kuwwaty 700 at güýjüne çenli ýetýär we 820 Nm tork berýär. Bu hereketlendiriji bilen 6 basgançakly geçiriş karobkasy utgaşýar. Bu bolsa tiz jogap bermegi we dinamiki tizlenmäni üpjün edýär.
«P72-niň» kuzowy uglerod süýüminden taýýarlanypdyr we pes agyrlyk merkezli ýeňil şassiniň üstünde ýerleşdirilipdir. Asma ulgamy itekleýji ştangalar we el bilen sazlanýan 3 derejeli amortizatorlar bilen enjamlaşdyrylan.
Modeliň interýeri minimalist äheňde ýerine ýetirilen. Onda sanly displeýler ýa-da dynç alyş ulgamlary ýok. Diňe analog gurallar we ýörite sargyt esasynda taýýarlanan alýumin düwmeler bar. Neşir edilen suratlarda salonyň bezegi görkezilýär, emma müşderiler öz isleglerine görä içki bezegini üýtgedip saýlap bilerler.
Awtoulagyň bahasy entek mälim edilmedi. Ilkibaşda internetde bu model üçin 1,6 million ýewro baha kesgitlenipdi, ýöne ahyrky bahasy konfigurasiýasyna we aýratyn sargytlara bagly bolar. Önümçiligi Germaniýada alnyp barylýar.

düýn 23:24
843

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
562

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......