ABŞ-da daşary ýurtlulara baýrak hökmünde amerikan raýatlygyny berjek şüweleňi döretmek isleýärler

  • 18.05.2025 22:37
  • 12k+

ABŞ-nyň Içeri goranmak ministrliginde “Amerikaly” ady bilen realiti-şouwy döretmek pikiri ara alnyp maslahatlaşylýar. Onda daşary ýurtlular amerikan raýatlygy ugrunda bäsleşip biler diýip, edaradaky çeşmä salgylanyp, The Daily Beast habar berýär.

Taslama şüweleňiň 35 sahypalyk meýilnamasyny taýýarlan kanadaly prodýuser Rob Uorsoff bilen bilelikde işlenilýär.
Bellenilişi ýaly, gatnaşyjylar özüniň amerikan bolmaga meýilliligini subut etmek üçin dürli ştatlarda synagdan geçmeli bolar.
Şüweleňe 12 daşary ýurtly gatnaşar. Olar Nýu-Ýorkdaky Ellis adasyna “Raýatlaryň gämisinde” (The Citizen Ship) gelip, syýahata başlar. Alypbaryjy kolumbiýaly Sofiýa Wergara ýa-da kanadaly Raýan Reýnolds bolup biler. Gatnaşyjylar “Amerikaly” (The American) otlusynda ABŞ boýunça aýlanyp, tematiki ýumuşlary ýerine ýetirer (mysal üçin, Floridadaky Kanaweral burnunda raketa uçurmak).
Utulan gatnaşyjylar bir million American Airlines utugy, 10 müň dollarlyk Starbucks sowgat karty we ömürlik benzin ätiýaçlygy ýaly höweslendiriji baýraklar bilen öýlerine dolanar. Şeýle-de, olara raýatlyk almak işinde artykmaçlyk hödürlener.
Resminamada “Amerikalynyň” ABŞ-nyň gymmatlyklaryny görkezjekdigi aýdylýar. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ministr Kristi Noem taslamany goldaýar, ýöne onuň kömekçisi Trişa Maklaflin bu pikiriň heniz başlangyç barlag tapgyryndadygyny we Noemiň oňa dahylly däldigini aýdýar. Ol ministrligiň her ýyl köp sanly teklipleri gözden geçirýändigini we her biriniň goldaw almazdan ozal berk barlagdan geçýändigini belledi.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....