Türkmenistanda XIV Uniwersiadanyň jemleri jemlenildi

  • 18.05.2025 16:08
  • 4.4k+

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilen XIV Uniwersiadanyň esasy ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi, ýeňijiler sylaglanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Sport ýaryşlarynyň jemleri boýunça:
Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda:
1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary
2-nji orun - Daşoguz welaýatynyň ýygyndy topary
3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary

Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:
1-nji orun - S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary
2-nji orun - Aşgabat syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary
3-nji orun - Aşgabat mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda:
1-nji orun - Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy topary
2-nji orun - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýygyndy topary
3-nji orun - Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýygyndy topary

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda:
1-nji orun - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary
2-nji orun - Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýygyndy topary
3-nji orun - Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýygyndy topary

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda:
1-nji orun - Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýygyndy topary
2-nji orun - Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary
3-nji orun - Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda:
1-nji orun - Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary
2-nji orun - Lebap welaýatynyň ýygyndy topary
3-nji orun - Ahal welaýatynyň ýygyndy topary


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......