SAIC dünýädäki iň uly awtoparomy suwa goýberdi: ol her saparda 9500 awtoulag daşaýar

  • 17.05.2025 13:25
  • 9.1k+

Dünýädäki iň uly ro-ro görnüşli gämi «SAIC Group-yň» golçur kompaniýasynyň flotuna goşuldy. 15-nji maýda gämi Hytaýdan Ýewropa tarap ilkinji saparyna ugrady diýip, «ITHome» portaly habar berýär.

Ägirt «Anji Ansheng» awtoparomy bir gatnawda 9500 awtoulag daşap bilýär.
Bu gämi «SAIC Anji Logistics» flotunyň düzümindäki 35-nji gämi boldy. Bu flot awtoulaglary daşamak boýunça Hytaýdaky iň uly toplumlaýyn logistika ulgamy hasaplanylýar.


«Anji Logistics» awtoulag daşamak üçin Hytaýda ilkinji bolup awtonom flot döreden kompaniýadyr. Bu flotda jemi 35 gämi bar: 11 derýa gämisi, 9 içerki söwda üçin niýetlenen umman gämisi we 15 daşary ýurt söwdasy üçin niýetlenen umman gämisi.
Kompaniýanyň meýilnamasyna görä, 2026-njy ýyla çenli daşary ýurt söwdasy üçin niýetlenen gämileriň sany 22-ä ýetiriler. Gämi ugurlary Günbatar Ýewropany, Ortaýer deňzini, Meksikany, Günorta Amerikanyň günbatar bölegini, Günorta-Gündogar Aziýany, Awstraliýany, Täze Zelandiýany, Ýakyn Gündogary we hytaý awtoulaglarynyň eksporty üçin beýleki möhüm sebitleri öz içine alar.
«Anji Ansheng» peýda bolmazdan ozal, iň uly ro-ro görnüşli gämi derejesi «BYD Shenzhen» awtoparomyna degişlidi. Ol bir gatnawda 9200 awtoulag daşaýar.

düýn 14:34
1.8k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
5.9k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....