Toyota «Land Cruiser-iň» binýadynda döredilen wodorodly roweri Aýa iberer

  • 17.05.2025 13:18
  • 5.9k+

Toyota kompaniýasy «Lunar Cruiser» atly Aý roweriniň ilkinji açyk synaglaryny geçirdi. Rower Ýaponiýanyň JAXA we ABŞ-nyň NASA agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülýär. Taslama «Land Cruiser» modeline esaslanýar we geljekki «Artemis» missiýalary üçin ulanyljak ulag hökmünde 2019-njy ýyldan bäri kämilleşdirilýär diýip, «autoevolution» habar berýär.

Rower Aýyň ýüzünde 10 müň kilometre çenli ýol geçip biler. Ol içindäki astronawtlary daşky gurşawdan gorap, skafandrsyz kislorod bilen üpjün eder. Güýç ulgamy hökmünde «Toyota Mirai» esasynda işlenip düzülen wodorod tehnologiýasy göz öňünde tutulýar. «Lunar Cruiser» iki astronawt üçin niýetlenendir, emma zerurlyk ýüze çyksa dört adama çenli ýerleşip biler.
Resmi uçurylyşy 2032-nji ýyldan öň bolmaz we bu «Artemis VII» missiýasynyň çäginde amala aşyrylar. NASA eýýämden JAXA bilen bilelikdäki operasiýa üçin şertnama baglaşdy. Bu taslamanyň geljekde diňe kosmosda däl, eýsem Ýerdäki wodorodly ulaglaryň täze nesilleriniň işlenip düzülmegine hem uly täsir ýetirmegine garaşylýar.




21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....