Toyota premýerasyndan öň täze RAV4-üň suratlaryny görkezdi

  • 14.05.2025 14:45
  • 4.1k+

Toyota ilkinji gezek RAV4 krossoweriniň täze nesliniň resmi tizerini hödürledi. Modeliň doly premýerasy 20-nji maýda bolar.

Suratlarda awtomobil ýokardan görkezilýär, şeýle-de onuň interýeri hödürlenýär. Model kuzowyň iki reňkli boýagyna eýe boldy.
Tehniki aýratynlyklar häzirlikçe belli däl. Deslapky maglumatlara görä, esasy wersiýada krossower 2,5 litrlik benzin hereketlendirijisini we iki elektrik hereketlendirijisini öz içine alýan gibrid enjam bilen üpjün ediler. Şeýle wersiýanyň umumy kuwwaty 225 at güýjüne deň bolar.
Doly herekete getirijili wersiýanyň goşmaça üçünji elektrik hereketlendirijisini almagyna garaşylýar. Netijede, umumy kuwwat 232 at güýjüne ýeter.
Birikdirilýän gibrid (PHEV) wersiýa hem hatarda galar. Onuň aýratynlyklary heniz belli däl.
Täze modeliň satuwynyň 2025-nji ýylyň ahyrynda başlamagyna garaşylýar. 


21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....