Iliýa Topuriýa bilen Çarlz Oliweýra Mahaçewiň boşadan guşagy ugrunda söweşer

  • 14.05.2025 13:45
  • 11k+

Islam Mahaçew ýarym orta agrama geçenden soň, ýeňil diwizionda UFC-niň çempion tituly erkin boldy. Guşagyň täze eýesi 29-njy iýunda Paradaýs amerikan şäherinde (Las-Wegasyň bir bölegi, Newada ştaty) kesgitlener. UFC 317 ýaryşynyň esasy söweşinde titul üçin öňki iki çempion – gruziýaly Iliýa Topuriýa we braziliýaly Çarlz Oliweýra göreşer.

28 ýaşly Topuriýa ozal ýarym ýeňil agram kategoriýasynda (66 kg çenli) çykyş etdi. Ol hem Mahaçew ýaly öz diwizionynda tituly boşadyp, agramyny ýokarlandyrdy. Çempion guşagyny gruziýaly söweşiji 2024-nji ýylyň fewral aýynda UFC 298-de awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskini nokauta düşürenden soň gazandy. Soňra Abu-Dabide geçirilen UFC 308-de amerikaly Maks Holloueýe garşy söweşde tituly üstünlikli gorady. Onuň hasabynda 16 ýeňiş bolup, bir ýeňliş hem ýokdur.
Çarlz Oliweýra öň ýeňil agramda titula eýeçilik edýärdi, ýöne 2022-nji ýylda Mahaçewe garşy söweşde guşagyny aldyrdy. Ol özüniň soňky söweşini 2024-nji ýylyň noýabrynda UFC 309-da geçirip, emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Maýkl Çendleri ýeňdi. 35 ýaşly braziliýalynyň hasabynda 35 ýeňiş we 9 ýeňliş bar, ýene bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy.
UFC 317 ýaryşynyň ýene bir esasy söweşi iň ýeňil agramda titul üçin braziliýaly çempion Aleşandre Pantoža (29-5) bilen Täze Zelandiýadan dalaşgär Kaý Kara-Fransyň (25-11) söweşi bolar. Esasy kardyň çäklerinde ýeňil agramda asly Eýrandan amerikaly Beneil Dariuş (22-6-1) we braziliýaly Renato Moýkano Karneýro (20-6-1) söweşer.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......