Dana Uaýt ýarym orta agramda UFC-niň tituly üçin Mahaçew – Maddalena söweşini yglan etdi

  • 14.05.2025 11:43
  • 11k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt russiýaly söweşiji Islam Mahaçewiň ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion guşagyny boşadandygyny we ýarym orta diwiziona (77 kg çenli) geçendigini habar berdi. Bu barada ol sosial ulgamlarda göni ýaýlymda aýtdy.

Uaýtyň sözlerine görä, Mahaçew indiki söweşini ýarym orta agramda UFC-niň tituly üçin awstraliýaly Jek Della Maddalena garşy geçirer. Söweşiň takyk senesi we geçiriljek ýeri gijräk belli bolar.
Mahaçew 18-nji ýanwarda Los-Anjelesdäki UFC 311 ýaryşynda geçirilen soňky söweşinde braziliýaly Renato Moýkanony birinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi. Bu ýeňiş onuň üçin ýeňil agramda yzygider 14-nji boldy. Söweşiji professional karýerasynda jemi 27 ýeňiş gazandy, şolaryň 18-isi möhletinden ir gazanyldy. Şeýle-de, onuň bir ýeňlişi bar.
Maddalena 10-njy maýda Monrealda geçirilen UFC 315-den soň ýarym orta agramda UFC-niň çempiony boldy. Ol emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen amerika-palestinaly söweşiji Belal Muhammady ýeňdi. Onuň hasabynda 18 ýeňiş we iki ýeňliş bar.  


düýn 14:40
3.1k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....