Cadillac-yň 615 at güýjüni berýän V seriýaly ilkinji awtoulagy sport awtoulaglaryndan has çalt bat alýar

  • 14.05.2025 11:12
  • 2.8k+

Cadillac kompaniýasy V seriýaly doly elektrik güýji bilen işleýän ilkinji modeli bolan Lyriq-V elektrik krossowerini satyp başlady. Onuň önümçiligine 2025-nji ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň Tennessi şäherindäki zawodynda başlanypdy.

Lyriq-V iki bezeg derejesinde elýeterlidir: standart görnüşiniň bahasy 80 090 dollardan, premium görnüşiniňki bolsa 85 290 dollardan başlaýar. Iki bezeg derejesi hem iki sany elektrik hereketlendirijisi we 102 kWt-lyk batareýa bilen işleýär. Kuwwaty 615 at güýjüne ýetýär, torky - 650 Nm. Velocity Max režiminde awtoulag 100 km / sag-a 3,3 sekuntda çykýar. Aňrybaş ýöreýiş ätiýaçlygy bir zarýadda 285 mil (takmynan 459 kilometre barabar) ýetýär.
Daşky bezeginiň tapawutly aýratynlygy – sport äheňli öňki bamper we gapdal aýakbasarlarydyr. Salonynda 33 dýuýmlyk egri ekran, giňeldilen hakykat funksiýaly baş ekran we 23 dinamikli AKG ses ulgamy bar. Awtoulag adaptasiýa podweskasy  we Brembo tormozlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Model GM BEV3 platformasynda döredilip, markanyň iň meşhur sport elektrik krossoweri hökmünde orun aldy.

düýn 14:34
1.9k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.5k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....