53 ýyl ozal uçurylan «Kosmos-482» apparaty orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy

  • 11.05.2025 22:39
  • 9.9k+

1972-nji ýylda Sowet Soýuzy tarapyndan Wenera planetasyny öwrenmek maksady bilen uçurylan «Kosmos-482» kosmos apparaty orbitadan çykyp, Hindi ummanyna gaçdy. Bu barada «Roskosmos» habar berdi.

TsNIIMaşyň berýän maglumatlaryna görä, apparat 10-njy maýda, Aşgabat wagty bilen sagat 11:24-de atmosferanyň dykyz gatlaklaryna giripdir. Ol Hindi ummanynyň üstünde, Orta Andaman adasynyň günbataryndan, takmynan, 560 kilometr uzaklykda dargapdyr we Jakartanyň günbataryna gaçypdyr. Bu hadysa Ýeriň töweregindäki kosmos giňişliginde howply ýagdaýlar boýunça öňünden duýduryş berýän awtomatlaşdyrylan ulgam tarapyndan gözegçilikde saklanypdyr.
«Kosmos-482» Sowet Soýuzynyň Wenerany öwrenmek boýunça ylmy maksatnamasynyň bir bölegi bolupdyr. Ol planetanyň üstünden maglumat geçirmegi başaran «Wenera-8» apparatyndan soň taýýarlanylypdyr. Emma «Kosmos-482» güýçlendiriji blogundaky näsazlyk sebäpli, Ýeriň orbitasyny terk edip bilmändir. Şondan bäri, ýagny 50 ýyldan hem gowrak wagt bäri, bu apparat uzyn elliptik orbitada hereket edip, ýuwaş-ýuwaşdan pese düşüp gelýärdi.
«The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, apparatyň agramy, takmynan, 500 kilogram. Alymlaryň çaklamagyna görä, ol berk gurluşy we ýylylykdan goraýjy gatlagy sebäpli, atmosfera girmegi başarypdyr.


19.05.2026 16:54
9.4k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......