Huawei kompaniýasy HarmonyOS-ly ilkinji şahsy kompýuteri – MateBook Pro-ny hödürledi

  • 11.05.2025 22:16
  • 1.6k+

Huawei kompaniýasy HarmonyOS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji şahsy kompýuteri – MateBook Pro noutbugyny görkezdi. Onuň tanyşdyrylyşy ýörite çärede geçirildi we bu ýerde myhmanlar täze noutbuga we onuň programma üpjünçiligine baha berip bildi.

Noutbuk çal-gök reňkde solgun görnüşli korpusa we yzky panelde kümüşsöw Huawei logotipine eýe boldy. Ýokarky sag burçda ýerleşýän işletmek-öçürmek düwmesi barmak yzynyň skaneri funksiýasyny hem ýerine ýetirýär. Gurluş USB-C porty arkaly 140 Wt kuwwatly çalt zarýad berşi hem goldaýar.
MateBook Pro maglumatlar bilen alyşmak we Windows gurluşlaryndan maglumatlary import etmek üçin Huawei smartfonlaryny birikdirmäge mümkinçilik berýär. Gurnalan EA kömekçisi Celia prezentasiýalary döretmäge, duşuşyk belliklerini umumylaşdyrmaga, resminamalardan maglumatlary almaga we programmalar bilen işlemäge kömek edýär.
HarmonyOS eýýäm RedNote, Bilibili we Feishu programmalaryny goldaýar. Geljekde gabat gelýän programmalaryň sany 2000-den geçip biler.
MateBook Pro-nyň satuwy 19-njy maýda başlar. Şol wagta çenli Huawei noutbugyň goşmaça aýratynlyklaryny hem aýan eder.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...