Robert Uittakeriň Renýe de Ridder bilen söweşi UFC on ABC 9-yň esasy wakasy bolar

  • 12.05.2025 16:20
  • 4.6k+

Orta agramda UFC-niň öňki çempiony awstraliýaly Robert Uittaker UFC on ABC 9 ýaryşynda niderlandly Renýe de Riddere garşy söweşer. Söweş 26-njy iýulda Abu-Dabide geçiriler we agşamyň esasy wakasy bolar diýip, liganyň metbugat gullugy habar berdi.

Uittaker 34 ýaşynda. Ol 26-njy oktýabrda Abu-Dabidäki UFC 308-de bolan soňky söweşinde birinji raundda agyryly usul bilen Hamzat Çimaýewden ýeňildi. Uittakeriň hasabynda 26 ýeňiş we sekiz ýeňliş bar.
Onuň ýaşytdaşy Renýe de Ridder orta we ýarym agyr agramda One Championship-iň çempiony boldy. Ol UFC-de yzygider üç ýeňiş gazandy. Soňky söweşini 3-nji maýda UFC on ESPN 67 ýaryşynda geçirdi we onda amerikaly Bo Nikaly tehniki nokaut bilen ýeňdi. 


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......