Maddalena Belal Muhammaddan üstün çykyp, ýarym orta agramda UFC-niň täze çempiony boldy

  • 11.05.2025 12:48
  • 9.5k+

Amerikaly Belal Muhammad awstraliýaly Jek Della Maddalena bilen söweşde ýarym orta agramda Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempion titulyny gorap bilmedi.

Monrealda geçirilen UFC 315 ýaryşyndaky söweş emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Maddalenanyň peýdasyna tamamlandy.
Muhammad 36 ýaşynda. Ol UFC-niň çempion titulyny 2024-nji ýylyň iýul aýynda britaniýaly Leon Edwardsy eminleriň biragyzdan karar bermeginde ýeňmek bilen gazanypdy. Muhammad çempion guşagynyň ilkinji goragyny geçirdi. Indi onuň hasabynda garyşyk başa-baş söweşde (MMA) 24 ýeňiş bilen 4 ýeňliş bar.
28 ýaşly Maddalena MMA-da 18 ýeňiş gazandy we 2 ýeňlişe sezewar boldy. Ol UFC-niň howandarlygynda geçirilen 8 söweşiň ählisinde ýeňiji boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, Muhammad – Maddalena söweşiniň netijesi russiýaly Islam Mahaçewiň indiki söweşi kime garşy geçirjekdigini kesgitlemelidi. ABC ispan gazetiniň maglumatlaryna görä, amerikaly Belal Muhammad ýeňiş gazanan ýagdaýynda, Mahaçew çempion titulyny goramak üçin ýeňil agram derejesinde galmalydy, onuň garşydaşy bolsa Ispaniýanyň wekili Iliýa Topuriýa bolmalydy. Ýöne eger Maddalena guşagyň eýesi bolsa, onda russiýaly söweşiji ýarym orta agramda çempion ady üçin awstraliýaly bilen söweşmelidi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......