Huawei kompýuterler üçin HarmonyOS operasion ulgamyny tanyşdyrdy

  • 10.05.2025 14:42
  • 1k+

Huawei kompaniýasy HarmonyOS 5 (HarmonyOS NEXT) operasion ulgamyny hödürledi. Bu ulgam häzirki zaman emeli aň mümkinçiliklerine eýe bolup, esasan-da Hytaýyň kompýuter bazaryna gönükdirilendir. Bu barada «Huawei Central» habar berýär.

Resmi maglumatlara görä, stol kompýuterleri üçin niýetlenen HarmonyOS 5 ulgamy Huawei-niň smartfonlary, planşetleri we noutbuklary bilen bökdençsiz integrirlenýär we müňden gowrak enjam bilen işleýär. Şeýle-de bu ulgam emeli aň algoritmleri esasynda işleýän birnäçe funksiýany hem goldaýar.
Ulanyjy üçin amatlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, taçpad we sensor ekranda hereketler arkaly dolandyryş girizilen. Mysal üçin, üç barmagyň bilen süýşürmek arkaly köp wezipeli iş tertibine geçmek mümkin. Mundan başga-da ulanyjylar indi diňe gözleriniň hereketi bilen kursory bir enjamdan beýlekisine geçirip bilerler. Huawei Share tehnologiýasy faýllary örän tiz geçirmäge mümkinçilik berýär.
Howpsuzlyk taýdan ulgam maglumatlary şifrlemegi, programmalara diňe bir gezeklik rugsat bermegi, faýl paýlaşygyna çäklendirme girizmegi hem-de «super gizlinlik tertibini» öz içine alýar. Şeýle hem «Star Flash Find» programmasy arkaly enjamy öçürilen bolsa-da tapyp bolýar.
Xiaoyi atly emeli aň kömekçisi sesli buýruklar, tekst hem-de suratlar bilen işläp bilýär. Mysal üçin, kömekçiden suratyň içindäki teksti alyp, ony terjime etmegini (21 dili goldaýar), şablon, prezentasiýa ýa-da ýol görkeziji düzmegini, gürrüňiň gysgaça mazmunyny häzirki wagtda taýýarlamagyny ýa-da dürli näsazlyklary düzetmäge ýardam bermegini haýyş edip bolýar.
Bu ulgam ilkinji gezek Huawei MateBook Pro kompýuterinde görkezildi. HarmonyOS bilen enjamlaşdyrylan ilkinji kompýuterler Hytaýda 19-njy maýda tanyşdyrylar.


16.12.2025 17:18
2.6k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.7k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

15.12.2025 08:41
1.5k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

01.12.2025 13:33
3.8k+

Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy

Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar...