Mansory saýlanmak isleýänler üçin altyn çaýylan G-Class kysymly wnedorožnigini hödürledi

  • 05.05.2025 12:30
  • 9.2k+

Mansory týuning-atelýesi altyn çaýylan kuzowly we kuwwatly hereketlendirijili Mersedes-AMG G 63-iň düýpgöter üýtgedilen görnüşini hödürledi.

Wnedorožnik uzaldylan teker bazasyny, şonuň hasabyna bolsa salonda aýak goýulýan ýeri giňiş iki sany aýratyn kapitan oturgyçlaryny aldy.
Kuzowy tutuksy altynsow reňke boýaldy. Teker diskleri hem şol äheňde ýasalan. Wnedorožnik täze aerodinamiki obwesi, LED optikasyny we gapdal gaz turbalaryny aldy.
Salony goňur urnatly sarymtyl deri we konturly yşyklandyrylyş bilen timarlandy.
Kapotyň aşagynda döwrebaplaşdyrylan 4,0 litrlik goşa turbo V8 hereketlendirijisi bar. Onuň kuwwaty 820 at güýji, torky 1200 Nm.
Özüniň kaşaň görnüşine garamazdan, awtoulag wnedorožnik häsiýetlerini saklaýar. Ol trassada superkarlar bilen bäsleşip biler we şol bir wagtyň özünde geçijiligi gowy bolmagynda galar.

düýn 14:34
2.2k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....