Toyota iň ýokary derejeli Yaris Cross gibridiniň bahasyny arzanlatdy

  • 04.05.2025 02:32
  • 5.6k+

Toyota 2025-nji model ýyly üçin Yaris Cross krossowerini täzeledi we kuwwaty 130 at güýji bolan gibrid gurluşly wersiýasyny arzanlatdy.

Indi bu elektrik gurluşy diňe bir ýokary derejeli Executive komplektasiýasynda däl, eýsem has amatly bahaly Dynamic-de hem elýeterlidir. Bu wersiýanyň bahasy 34 695 ýewrodan başlaýar.
Executive we GR Sport komplektasiýalary degişlilikde 37 795 we 39 995 ýewrodan satylýar.
115 at güýji bolan gibrid görnüşi öňküsi ýaly Active komplektasiýasynda 31 495 ýewrodan, Dynamic komplektasiýasynda bolsa 33 995 ýewrodan satylýar.
Daşky görnüşi täzelenen Yaris Cross iki sany täze  Storm Grey we Forest Green reňkleri bilen tapawutlanýar.
Güýçli gibrid wersiýanyň bahasynyň arzanlamagy tygşytly we tehnologiki taýdan ösen şäher krossowerlerini gözleýän alyjylar üçin saýlawy giňeldýär.


düýn 21:15
3.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....