“Barselona” ýarym sagadyň içinde Trewis Skott logotipli futbolkalarynyň 1,58 million ýewrolygyny satdy

  • 04.05.2025 02:30
  • 12k+

“Barselona” futbol kluby Trewis Skottyň brendi bolan Cactus Jack logotipli çäkli sanda çykarylan futbolkalaryny satmak bilen 1,58 million ýewro töweregi girdeji gazandy. Kolleksiýa Madridiň “Realy” bilen boljak oýundan öň artist bilen bilelikde çykaryldy we irden satuwa goýberildi.

BeIN Sports -yň habar bermegine görä, futbolkalaryň hemmesi takmynan 30 minutyň içinde satylyp gutaryldy.
3798 sany standart nusga 399,99 ýewrodan, 22 sany gol çekilen görnüşi 2999,99 ýewrodan satyldy. beIN Sports bu satuwy rekord tizlikdäki satuw diýip atlandyrýar.
11-nji maýda Madridiň “Realy” bilen boljak oýunda erkekler toparynyň formasynda Cactus Jack logotipi peýda bolar. Zenanlar topary şeýle futbolkalarda 18-nji maýda F ligasynda oýnar.
Spotify bilen hyzmatdaşlygyň çäginde bu eýýäm “Barselonanyň” altynjy aýdym-saz hyzmatdaşlygydyr. Ondan öň “Barselonanyň” futbolkalarynda Coldplay, KAROL G, The Rolling Stones, ROSALÍA we Drake logotipleri peýda bolupdy.

"El Klasiko - dünýäniň üns merkezinde durýan pursat. Spotify we “Barselona” bilen hyzmatdaşlyk etmek meniň älemimi özleriniňki bilen birleşdirmek üçin mümkinçilik. Bu ýöne bir futbolkadaky Cactus Jack logotipi däl. Bu ses bilen sportuň arasyndaky serhedi pozup aýyrýan täze bir zady döretmek "- diýip, Trewis Skott hyzmatdaşlyga teswir berdi.


şu gün 13:40
1.4k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.7k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......