Täze Toyota Tacoma IIHS-niň heläkçilik synagyndan geçip bilmedi, Infiniti QX80 iň ýokary bal gazandy

  • 01.05.2025 14:34
  • 14k+

Amerikanyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy instituty (IIHS) iki sany meşhur ulagyň - Toyota Tacoma-nyň we Infiniti QX80-iň gatnaşmagynda täze heläkçilik synagynyň netijelerini çap etdi. Olaryň netijeleri biri-birine düýbünden gapma-garşy boldy.

Täzelenen  2024-nji ýylyň Toyota Tacoma-sy  Double Cab kuzowynda orta derejeli frontal urgy boýunça döwrebaplaşdyrylan synagdan geçip bilmedi. IIHS-da yzky ýolagçynyň howpsuzlyk kemeriniň çanaklykdan garnyna geçendigini we munuň içerki şikesleriň döremek howpuny ýokarlandyrýandygyny aýtdylar. Şeýle-de, döş kapasasyna ortaça şikes  ýetmek töwekgelçiligi hem hasaba alyndy.
Şeýle hem Tacoma çaga oturgyçlarynyň ISOFIX baglary boýunça düşündiriş aldy. Mundan başga-da, LED optikasynyň bardygyna garamazdan, faralaryň ýagtylyk meýdanynyň çäklidigi bellendi.
Täze netijeli dizaýnyna we gibrid hataryna garamazdan, model heniz hem howpsuz maşgala pikaby adyna laýyk gelmeýär.


Premium SUV Infiniti QX80-iň täze nesli garaşylmadyk ýagdaýda gowy netije görkezdi. Model iň ýokary ballary aldy, ähli esasy IIHS heläkçilik synaglaryndan, şol sanda gapdal urgy we täzelenen parametrli frontal synaglaryndan üstünlikli geçdi.
Yzky ýolagçynyň kemeriniň birneme ýokary süýşendigine garamazdan, kabul ederlikli çäkde galdy we beriljek baha täsir etmedi.
Modeliň artykmaçlyklary häzirki zaman howpsuzlyk ulgamlaryny, adaptasiýa podweskasyny we ösen içki elektronikany öz içine alýar. Wnedorožnik ýolagçylaryň goraglylygy boýunça iň gowularyň sanawyna girizildi.


21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....