Samsung ABŞ-da çip öndürmekde milliardlarça ýitgi çekýär

  • 28.04.2025 13:29
  • 3.5k+

Samsung ýarymgeçirijileriň önümçiligi sebäpli ABŞ-da düýpli maliýe kynçylygyny başdan geçirýär. Soňky dört ýylda kompaniýanyň Arizonadaky amerikan bölümçesi 1,21 mlrd dollar ýitgi çekdi diýip, Sammobile habar berýär.

Ösen tehnologiýalaryň ulanylýandygyna garamazdan, Samsung-a girdejili sargytlary özüne çekmek başartmaýar. Bu hem onuň maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir edýär.
Tehas ştatynyň Teýlor şäherindäki täze zawodyň gurluşygyna kompaniýa, takmynan, 20 mlrd dollar maýa goýdy. Gurluşyk tamamlandy, ýöne önümçiligiň işe goýberilmegi häzirlikçe yza süýşürilýär. Samsung işewürlik gurşawynyň çylşyrymlylygy we 25%-den geçip biljek ýokary import nyrhlary sebäpli zawody enjamlar bilen üpjün etmedi.
Şeýle kynçylyklary Samsung-yň esasy bäsdeşi bolan TSMC kompaniýasy hem başdan geçirýär – ol hem Ştatlarda ýitgi çekýär. Samsung-yň Tehasdaky zawodynyň işe girizilmeginiň 2027-nji ýyla çenli süýşürilip bilinmegi baradaky gürrüňlere garamazdan, kompaniýa önümçilige 2026-njy ýylda başlamak isleýändigini aýtdy. Ýöne bazaryň durnuksyzlygy we geosyýasy faktorlar Samsung üçin päsgelçilik döretmegini dowam etdirýär.


düýn 22:05
1.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....