Škoda dizel ulaglaryna ekologiýa taýdan arassa ýangyç guýup başlady

  • 25.04.2025 22:03
  • 2.7k+

Škoda Auto Çehiýadaky zawodlarynda täze dizel awtomobilleri hem-de içerki logistika ulaglary üçin ýangyç hökmünde wodorodyň kömegi bilen arassalanan ösümlik ýagyny (HVO) ulanyp başlady.

HVO biodizel ýaly oba hojalyk ekinlerinden däl-de, ulanylan ösümlik ýagy we ýaglar ýaly galyndylardan öndürilýär.
HVO ýangyjy dizeliň ornuny tutýar. Ol dury, yssyz diýen ýaly we ýokary setan görkezijisine eýedir (70). Bu HVO-nyň ýeňil otlanýandygyny we netijeli ýanýandygyny aňladýar. Bu hem gurum ýaly zyýanly maddalaryň zyňyndylaryny azaldýar. HVO-da kükürt we ysly birleşmeler ýok, şol sebäpli gurum süzgüçleri uzak we netijeli, hereketlendiriji bolsa sessiz hem akgynly işlär. Ony adaty dizel bilen garmak bolýar.
2021-nji ýylyň iýun aýyndan bäri çykarylan Škoda-nyň ähli dizel modelleri HVO üçin gabat gelýär. Şeýle awtomobilleriň ýangyç gabynyň gapagynda XTL belgisi bar. Has köne modelleriň eýelerine ýangyjyň gabat gelýändigini ýa-da ýokdugyny dilerlerden anyklamak maslahat berilýär. Bu ýangyç Ýewropada giňden elýeterlidir.
Škoda Auto-nyň wekili Karsten Şnakeniň aýtmagyna görä, Škoda Volkswagen toparynda zawodda ýeňil awtomobillere we beýleki ulaglara HVO guýmaga geçen ilkinji brend boldy. 2024-nji ýylyň awgustyndan dekabr aýy aralygynda Škoda ulaglary 46 000 litr HVO sarp etdi, bu hem CO2 žyňyndylaryny 300 tonna azaltmaga mümkinçilik berdi.  

düýn 14:34
2.2k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....