Ähli döwürleriň iň köp hak alýan türgenleriniň sanawy düzüldi. Ilkinji 50-likde ýekeje zenan bar

  • 25.04.2025 10:35
  • 7.8k+

Sportico neşiri ähli döwürleriň we halklaryň maliýe taýdan iň üstünlikli 50 türgeniniň sanawyny çap etdi. Sanawda amerikaly basketbolçy Maýkl Jordan birinji orny eýeledi.

Neşiriň habar bermegine görä, Jordan karýerasynda hümmetsizlenmäni hasaba almak bilen, takmynan, 4,15 milliard dollar gazandy. Hümmetsizlenmäni göz öňünde tutmasaň, girdejisi 3 milliard dollardyr. Bu beýleki türgenlerden ep-esli köp. Deňeşdirmek üçin, sanawdaky indiki iň köp girdejili amerikaly golfçy Taýger Wuds 2,79 milliard dollar, ilkinji üçlügi ýapýan portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu bolsa 2,23 milliard dollar gazandy. Ikisi hem sport karýeralaryny dowam etdirýärler.
Şeýle hem ilkinji bäşlige basketbolçy Lebron Jeýms (hümmetsizlenmäni hasaba almak bilen, 1,88 milliard dollar) we argentinaly Lionel Messi (1,85 milliard dollar) girdi.
Ilkinji onluga ABŞ-ly golfçylar Arnold Palmer bilen Jek Niklaus, britaniýaly  futbolçy Dewid Bekhem, şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer we amerikaly boksçy Floýd Meýwezer girdi.
Ýaryş sürüjileriniň arasynda iň gowusy nemes piloty Mihael Şumaher boldy. Onuň girdejisi 1,39 milliard dollar diýip hasaplandy. Ol 12-nji ýeri eýeledi.
40-njy orunda barýan tennisçi Serena Uilýams sanawdaky ýeke-täk zenandyr.
50 türgeniň umumy girdejisi 53,2 milliard dollar boldy. Sanawda sekiz sportuň wekilleri bar.


11.06.2026 23:57
4.6k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

08.06.2026 16:49
9.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

03.06.2026 15:11
16k+

Hindistanda Messiniň ägirt uly heýkeli söküldi

Hindistanyň Kolkota şäherinde (öňki Kalkutta) hünärmenler tarapyndan howply diýlip ykrar edilenden soň, Lionel Messiniň 21 metrlik heýkeli söküldi. Bu barada "Asian News International" agentligi "X" sosial......

29.05.2026 15:15
18k+

Ronaldunyň iň gowy 5 awtoulagy: 10 mln dollarlyk Bugatti we Joržinanyň sowgat eden «Gelendwageni»

Ýakynda Saud Arabystanynyň çempiony bolan Kriştianu Ronaldu dünýäniň iň köp gazanýan futbolçysy bolmagynda galýar....