Türkmen türgenleri milli göreş boýunça halkara ýaryşyň birinji gününde jemi 14 medal gazandylar

  • 24.04.2025 16:11
  • 10k+

23-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenleriň gatnaşmagynda  sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş badalga aldy. Ýaryşa Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Owganystandan, Belarusdan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan türgenler gatnaşýarlar.

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Guşakly göreş federasiýasynyň başlygy Şöhrat Mämmedow we Bütindünýä Alyş federasiýasynyň (WAF) prezidenti Adilet Baýaman Uulu çykyş edip, sporty, hususan-da, guşakly göreşi ösdürmäge uly üns berýändikleri, ýokary wekilçilikli halkara ýaryşlary geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.
Soňra ýaryşyň maksatnamasynyň birinji görnüşi — türkmen milli göreşi boýunça 8 medal toplumy ugrunda bäsleşiklere orun berildi. 8 agram derejesiniň ählisinde türkmen türgenleri ýeňiji boldular. Aşyrmyrat Amandurdyýew (57 kg çenli), Ýakup Babaýew (62 kg çenli), Yhlas Begmyradow (68 kg çenli), Agaýusup Garaýew (75 kg çenli), Sylapberdi Nuryýew (82 kg çenli), Annagurban Allaberdiýew (90 kg çenli), Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg çenli), Nurmuhammet Baýdogdyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medala mynasyp boldular. Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Muhammetarslan Geldiýew (57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew (75 kg çenli), Döwran Jumadurdyýew (82 kg çenli), Begli Hojammaýew (100 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) kümüş medal, Pälwan Akmyradow bolsa (68 kg çenli) bürünç medal gazandylar.


Şeýlelikde, birinji günüň netijeleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy topary jemi 14 medal (8 altyn, 5 kümüş, 1 bürünç) gazandy. 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen Gyrgyzystanyň topary ikinji; 1 kümüş we 5 bürünç medal bilen Owganystanyň ýygyndy topary üçünji orny eýeleýär. Özbegistanyň topary 3 bürünç medal, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Mongoliýanyň toparlary bolsa hersi bir bürünç medal gazandylar.
Ş24-nji aprelde guşakly alyş göreşiniň ussatlary erkekleriň arasynda alty, zenanlaryň arasynda dört medal toplumy ugrunda göreşerler.​​​​​​​


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......