Land Rover klassiki Range Rover L322-i täzeledi. Täze model has "akylly" boldy

  • 23.04.2025 23:25
  • 5.1k+

Land Rover 2010-2012-nji ýyllar aralygynda öndürilen Range Rover L322 üçin multimediýa ulgamyny täzeledi. Bu ulag indi Apple CarPlay-i we Android Auto-ny goldaýar.

Täzelenme Land Rover Classic bölümi tarapyndan taýýarlandy. Wnedorožnik özboluşly içki stilini saklady: ekran, düwmeler we interfeýs modeliň nusgawy gözelligi bilen sazlaşyp gelýän “wintaž” dizaýnynda ýasaldy.
Täze ulgam enjamlary simsiz birikdirmäge, USB ulanmaga, akymly aýdym diňlemäge, kartalary we ses dolandyryşyny ulanmaga mümkinçilik berýär.
Bu täzelenme Land Rover-iň täze strategiýasynyň bir bölegidir. Kompaniýa diňe bir nusgawy awtoulaglary dikeltmek bilen çäklenmän, özboluşly stilini we aslyna laýyklygyny saklamak bilen bir hatarda olary döwrebaplaşdyrmaga hem çalyşýar.
Bu çemeleşme Range Rover L322-iň eýelerine ulagyň ajaýyp dizaýnyny pida etmezden, täze tehnologiýalardan lezzet almaga mümkinçilik berýär.

düýn 14:34
2.3k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....