Drift ýaryşynda ulagyň tigirinden tekeri sypyp, ýene-de ýerine gaýdyp geldi

  • 23.04.2025 12:59
  • 8.5k+

Sankt-Peterburgda geçirilen Let’s Drift 2025 tomusky çempionatynyň birinji tapgyrynda özboluşly waka bolup geçdi. Ýaryş wagty sürüji Artýom Perepelisanyň ulagynyň tigirinden tekeri sypyp galyp, birnäçe sekuntdan ýene-de diske gaýdyp geldi. Bu barada ýaryşyň guramaçylaryna salgylanyp, “Fontanka” neşiri ýazýar.

Sürüji tizligini gowşatmady we awtomobil hereketini dowam etdirdi.

“Sürüji tizligini gowşatmady. Ulag tekeriň tizligi bilen deňleşdi. Ol bir tümmekde böküp, öz ýerine gaýdyp geldi. Bu milliondan bir hadysa” – diýip, guramaçylar belleýär.

Olaryň aýtmagyna görä, öň driftde tigiriň nurbatlarynyň towlanyp açylan ýagdaýlary bolýardy, ýöne tekeriň sypyp, ýene-de ýerine gelmegi birinji gezek boldy.
Bu waka garamazdan, Artýom Perepelisa şahsy sanawda üçünji orny eýeledi. Wideo Let’s Drift-iň sosial ulgamlarynda ýerleşdirildi

20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....