Norwegiýada emeli garyň kömegi bilen ereýän buzlugy halas etmek isleýärler

  • 23.04.2025 00:41
  • 7.9k+

Skandinaw daglarynyň iň beýik nokady bolan Gallhýopiggen dagyndaky ereýän buzlugy emeli garyň kömegi bilen halas etmek teklip edildi. Buzluk her ýyl 1 mln kubometr gar ýitirýär, onuň galyňlygy bolsa eýýäm 20-25 metre çenli azaldy. Eger degişli çäreler görülmese, ol ýene sekiz ýyldan ýok bolup biler diýip, NRK habar berýär.  

Dag lyžasy merkeziniň baş direktory Per Arne Wole buzlugy saklamak üçin her ýyl 700 müň kubometr emeli garyň gerekdigini aýtdy. Ol gar önümçiligi boýunça täze stansiýa merkeze 2050-nji ýyla çenli işlemäge mümkinçilik berer diýip hasaplaýar. Ýöne bu döwürden soň klimat çaklamalary näbelli bolup galýar.
Norwegiýanyň tebigy we tehniki ylymlar uniwersitetiniň dosenti Strand Edegord emeli garyň buzlugy köpeldip biljekdigini, ýöne onuň wagtlaýyn bolup, ereme möhletini birneme yza süýşürip biljekdigini belledi. NRK-nyň maglumatlaryna görä, klimatyň üýtgemegi dag lyžasy merkeziniň işini kynlaşdyryp, soňky ýyllarda Norwegiýadaky soňky beýik dag buzlugyny saklamak üçin gymmat çäreleri görmäge mejbur etdi.
Syýahatçylyk pudagy we dag lyžasynyň höwesjeňleri bu pikiri goldaýar. Pudagyň wekilleri emeli garyň önümçiligi üçin 11 mln krona ýygnamagy meýilleşdirýär. 


26.02.2025 13:57
6k+

Norwegiýa öý üçin ýumşak kömekçi roboty döredýär

Norwegiýanyň 1X kompaniýasy öý işlerine kömek etmek üçin niýetlenen täze modeli – Neo Gamma atly roboty hödürledi. Ol Neo Beta modeliniň ornuny çalyşdy. 1X robotlarynyň esasy aýratynlygy olaryň howpsuzlygyndadyr...

düýn 11:22
1.5k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
652

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.4k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......