Amerikaly zenan hokkeýçiler 11-nji gezek dünýä çempionlary boldy

  • 21.04.2025 19:04
  • 2.8k+

ABŞ-nyň milli hokkeý ýygyndysy zenanlaryň arasynda hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň finalynda Kanadanyň toparyny utdy. Şu ýyl ýaryş Çehiýada geçirildi.

Çeske-Budeýowisde geçirilen final duşuşygy dartgynly bolup, owertaýmda amerikan toparynyň peýdasyna 4:3 (0:0, 2:2, 1:1, 1:0) hasabynda tamamlandy. Toparyň düzüminde Karolin Harwi (28-nji minut), Ebbi Mýorfi (28), Teýlor Heýz (46) we Tessa Jeneke (78) gol bilen tapawutlandy. Kanada toparyndan şaýbany tora Daniel Serdaçny (29), Jennifer Gardiner (30) we Sara Filýe (55) girizdi.
Amerikaly hokkeýçiler dünýä çempionatyny 11-nji gezek utdy. Altyn medalyň sany boýunça rekord eýesi Kanada toparydyr, onuň hasabynda 13 ýeňiş bar.
Dünýä çempionatynyň bürünç baýragyny Finlýandiýanyň topary gazandy. Ol üçünji orun üçin oýunda owertaýmda Çehiýanyň milli ýygyndysyny 4:3 (0:2, 1:1, 2:0, 1:0) hasabynda utdy.


15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

15.06.2026 10:43
10k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......