Täzelenen Land Cruiser 300 tanyşdyrylyşdan öň aýan edildi

  • 21.04.2025 14:00
  • 17k+

Täzelenen «Land Cruiser 300-yň» häsiýetnamalary tanyşdyrylyşdan öň aýan edildi. Täzelenen dizaýnly we öň görülmedik güýç ulgamy bolan «üç ýüzlügiň» suratlary sosial torlarda giňden ýaýrady diýip, «Motor.ru» habar berýär.

Içerki çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Toyota kompaniýasy «Land Cruiser-e» özüni özbaşdak zarýadlaýan HEV gibrid ulgamyny goşdy. Garaşylyşyna görä, täze «Land Cruiser 300» modeli «Sequoia» bilen «Tundra» modellerindäki ýaly enjamlar bilen üpjün ediler: 3,4 litrlik benzinli V6 hereketlendiriji bilen 10 basgançakly awtomatiki karobkanyň arasynda elektrohereketlendiriji ýerleşdiriler.
Resmi däl maglumatlara görä, «Toyota Land Cruiser HEV» ilkinji nobatda Pars aýlagyndaky ýurtlara iberiler. Ýakyn Gündogar üçin niýetlenen awtoulaglar Ýaponiýadaky zawoddan eýýäm iberilip başlandy. Suratlara görä, gibrid modeliň daşky keşbinde uly tapawut ýok: ähtimal, diňe diskleriniň nagyşlary we öňki bamperiň aşaky bölegi üýtgär. Täze modeldäki esasy täzelikleriň biri – döwlet belgisi ýerleşdirilýän ýeriň töweregindäki gara bölüm we dumana garşy çyralaryň daşyndaky uly gara plastik örtüklerdir.

Gibrid modeliň adaty benzinli «Land Cruiser 300-e» garanyňda, azyndan 10% tygşytly bolmagyna garaşylýar. Ilkinji häsiýetnamalar boýunça «garyndaşy» bolan «Lexus LX 700h» modeli bilen deňeşdirip bileris, emma Toyota bu güýç ulgamynyň kuwwatyny 457-den 443 at güýjüne çenli peseldip biler, şeýle-de aýlanyş pursadyny (torkuny) hem 790 Nm-de galdyryp biler.
Gibrid «Land Cruiser 300-üň» dünýä boýunça resmi tanyşdyrylyşy öňümizdäki hepdelerde bolar. Şeýlelikde, Toyota-nyň uly çarçuwaly ýolagçy off-road ulaglarynyň hatarynda elektrikleşdirilmedik model galmaz. Şeýle-de bolsa, gürrüň adaty güýç ulgamlaryndan ýüz öwürmek barada gidenok, diňe model görnüşlerini köpeltmek meýilleşdirilýär.


21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....