Kitap dükany göçürmegiň özboluşly usuly: ýüzlerçe adam zynjyra düzülip, 9100 kitaby daşapdyr

  • 20.04.2025 23:12
  • 7.1k+

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Çelsi şäherinde, takmynan, 300 adam «Serendipity Books» atly kitap dükanynyň köne binasyndan, golaýdaky köçede ýerleşýän täze binasyna 9100 sany kitaby göçürmek üçin birleşdiler. Ýaşaýjylar kitaplary elden-ele geçirip, janly zynjyr döretdiler diýip, «The Guardian» habar berýär.

Dükanyň eýesi Mişel Tuplin bu usulyň diňe bir kitaplary tiz göçürmek üçin peýdaly bolman, eýsem, ýerli ilatyň arasynda jebisligi hem artdyrandygyny aýtdy.

«Adamlar kitaplary zynjyr bolup geçirýän wagtlary, olar baradaky öz pikirlerini paýlaşýardylar» — diýip, ol belledi.

Kitaplaryň ählisini daşamaklyk iki sagada hem çekmändir. Olar şolbada tekjelere elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir.
«Serendipity Books» dükany Çelside 1997-nji ýyldan bäri işleýär, Mişel Tuplin bolsa ony 2017-nji ýyldan bäri dolandyrýar. Ol dükanyň täze binasyny iki hepdäniň dowamynda açmagy meýilleşdirýär.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....